Ýarym agyr agram derejesinde PFL ligasynyň häzirki çempiony, türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow nobatdaky tutluşygyna çykar.
Söweş sungaty dünýäsinde ajaýyp waka Birleşen Arap Emirliklerinde bolar. Garyşyk söweş sungaty boýunça tejribeli türgen Döwletjan Ýagşymyradow amerikaly Kori Andersona garşy göreşer.
Bu tutluşyk 2025-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda “PFL – Professional Fighting Championship” ýaryşynyň çäklerinde bolar. Dubaý şäherinde geçiriljek bu tutluşyk MMA janköýelerine uly gyzyklanma döreder.
Şol gün geçirijek ýaryşyň çäklerinde iki sany güýçli türgenler – Döwletjan Ýagşymyradow bilen Kori Andersonyň tutluşygy gijeniň esasy sport wakasy bolar.
Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 29-njy noýabrdan 30-njy noýabra geçilen gije Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde “PFL 2024” garyşyk söweş sungaty ýaryşynyň final tutluşyklary geçirilipdi. Şol ýaryşlaryň birinde Döwletjan Ýagşymyradow bilen Impa Kasanganaý duşuşygy bolupdy. Tutluşyk ýarym agyr agramda geçirildi we ildeşimiz Döwletjan Ýagşymyradow ýeňiş gazandy hem-de çempionlyk guşagyna eýe bolupdy.