SPORT

Dünýä çempionatynda ilkinji gezek zenan emin eminlik etdi

Katarda geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynda “E” toparçasyndaky Germaniýa bilen Kosta-Rikanyň arasyndaky duşuşygyň emini fransiýaly zenan emin Stefan Frappart boldy. Ol dünýä çempionatynda eminlik eden ilkinji zenan emin boldy.

Oňa bu duşuşykda meksikaly Karen Diaz we braziliýaly Neuza Bak kömek etdi. Bu eminler gapdal eminler hökmünde çykyş etdiler.

Dünýä çempionatynyň duşuşygynda eminlik eden Frappart geçen ýyl dünýä çempionatynyň saýlama oýunlarynda Niderlandlar bilen Latwiýanyň arasyndaky duşuşykda hem baş emin bolupdy.

Şeýle hem UEFA-nyň Çempionlar ligasynda hem eminlik eden 38 ýaşyndaky fransuz emin 2019-njy ýylda Stambulda geçirilen UEFA-nyň Superkubogy duşuşygyna hem eminlik edipdi.

 

Related posts

Türkiýede IV Bütindünýä çarwa oýunlaryna badalga berildi

Duşuşyk Abu-Dabi şäherinde geçirilip bilner

“Time” žurnaly: Messi ýylyň türgeni

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment