BIZNES

Gazak işewürleriniň Aşgabada sapary:20 şertnama we 7 ähtnama gol çekdi

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Gazagystan Respublikasynyň işewürler wekiliýetiniň Türkmenistana bolan saparynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Bu duşuşyklar iki ýurduň işewür jemgyýetleriniň arasynda ykdysady gatnaşyklary ösdürmek we mümkinçilikleri giňeltmek maksady bilen guraldy.

Duşuşyklarda işewürlik ulgamynyň wekilleri ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda işewürlik gatnaşyklaryny artdyrmak we täze mümkinçilikleri gözden geçirmek üçin özara pikir alyşdylar. Ulag, energetika, senagat we beýleki esasy ugurlarda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Iki döwletiň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy berkitmek, köpugurly ykdysady gatnaşyklary has-da artdyrmak we öňdebaryjy tehnologiýalar babatynda bilelikdäki işewürlik mümkinçiliklerini ösdürmek üçin çäreler alnyp barylýar.

Bu duşuşyklar, iki ýurduň telekeçileriniň we işewürler jemgyýetleriniň arasynda hyzmatdaşlygy mündan beýläk-de çuňlaşdyrmaga uly mümkinçilik berýär.

Saparyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny öz içine alýan 20 şertnama we 7 ähtnama gol çekdi: maýa goýum, ulag we logistika, oba hojalygy, syýahatçylyk, sanly tehnologiýalar we nebit ýatak hyzmatlary. 2025–2027-nji ýyllar üçin dostlugy we strategiki hyzmatdaşlygy berkitmek maksatnamasy kabul edildi.

Gazagystanyň 15-den gowrak kompaniýalarynyň wekillerinden ybarat bolan işewürler düzümi “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernlerinde, şeýle hem Türkmenistanyň ulag düzümleriniň degişli edaralarynda gepleşikler geçirdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Italiýa Rim şäherinde işewürlik forumyny geçirer

Türkmen wekiliýeti Şarjada gurnalan atyr önümleriniň sergisine gatnaşdy

Türkmen-emirlik işewürler forumy: hyzmatdaşlygyň belent sepgitleri

Türkmen-horwat işewürlik forumy geçiriler

Wengriýa türkmen gazyny satyn almak bilen gyzyklanýar