DÜNÝÄ

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşadyldy

Sapbaýew Döwrangeldi Işangulyýewiç, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşadyldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün alty aýyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde degişli Permana gol çekdi.

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmegi şol konserniň başlygynyň orunbasary Taäryguly Ataýewiň üstüne ýüklendi.

Related posts

Türkmenistan’da karbon siyahı üretimi arttı

vepa

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy mejlisine gatnaşdy

Gazagystanyň Premýer-ministri Daşkentdäki sammite gatnaşar