DÜNÝÄ

Gazagystanyň Premýer-ministri Daşkentdäki sammite gatnaşar

Şu ýylyň 8-9-njy noýabrynda Daşkent şäherinde geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy sammitinde Gazagystana ýurduň Premýer-ministri Alihan Smailow wekilçilik eder. Bu barada Gazagystanyň Daşary işler ministriniň resmi wekili Aýbek Smadiýarow habar berdi.

– 9-njy noýabrda YHG-niň sammiti geçiriler we oňa Gazagystanyň Premýer-ministri Alihan Smailow gatnaşar – diýip, habar beren daşary syýasat edarasynyň resmi wekili sammitde guramanyň çägindäki hyzmatdaşlyk gatnaşyklary we olaryň geljeginiň ara alyp maslahatlaşyljakdygyny belledi.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy 1985-nji ýylda döredilen sebitleýin ykdysady guramadyr. Ol Eýranyň, Pakistanyň hem-de Türkiýäniň arasynda 1977-nji ýylyň 12-nji martynda gol çekilen Izmir şertnamasyna laýyklykda döredilen ösüş üçin ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň hukuk oruntutarydyr.

1992-nji ýylda bu guramanyň agzalygyna 7 täze döwlet goşuldy. Olar – Gazagystan, Azerbaýjan, Owganystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Türkmenistan we Özbegistan.

Related posts

Türkmenistan bilen UNCTAD “akylly” gümrük boýunça hyzmatdaşlyk eder

Saud Arabystanyň Patyşasy Türkmenistana resmi sapar bilen çagyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Halkara sergiler býurosy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürer

Ata Watan Eserleri