DÜNÝÄ

Ýaponiýada 21-nji oktýabrda täze premýer-ministr saýlawlary geçiriler

Ýaponiýanyň hökümeti we häkimiýet başyndaky Liberal-demokratik partiýa (LDP) ýurduň täze premýer-ministrini saýlamak üçin parlamentde ses berişligi 21-nji oktýabrda geçirmegi meýilleşdirýärler.

“Japan Today” neşiriniň habar bermegine görä, ses berişlik täze premýer-ministri saýlamak göz öňünde tutulýan parlamentiň nobatdan daşary sessiýasynyň ilkinji güni geçiriler.

Habarda bellenilişine görä, täze hökümet başlygy Sanae Takaiti tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän LDP bilen Konstitusion-demokratik partiýanyň arasyndaky syýasy bäsdeşligiň güýçlenmegi sebäpli, ses berişlik gijikdirilip bilinýär.

LDP parlamentiň iki palatasynyň ikisinde hem iň uly syýasy güýç bolup galýandygyna garamazdan, olaryň hiç birinde doly köpçülik seslere eýe däldigi sebäpli, häkimiýet başyndaky partiýanyň ses berişligi yza süýşürip biljekdigi aýdylýar.

Bellläp geçsek, 4-nji oktýabrda Sanae Takaiti Ýaponiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň täze başlygy saýlanypdy. Onuň ýurduň taryhynda ilkinji zenan premýer-ministr bolmagyna garaşylýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Baş Assambleýanyň 81-nji sessiýasynda parahatçylyk we durnuklylyk başlangyçlaryny öňe sürer

Türkmenistanyň wekili BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşinde çykyş etdi

Tramp Si Szinpiniň ABŞ-a sapar etjekdigini yglan etdi

TOBB-yň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu Türkmenistanyň birža wekiliýetini kabul etdi

Lawrow we Rubio Manilada duşuşdy

Türkmenistan bilen Türkiýe birža hyzmatdaşlygyny ösdürýär