SPORT

Messi ýetginjekleriň futbol ýaryşyny döredýär

Sekiz gezek “Altyn top” baýragynyň eýesi, Argentinanyň milli ýygyndysynyň dünýä çempiony Lionel Messi ýetginjekler toparlarynyň arasynda geçiriljek “Messi kubogy” atly ýaryşy döretdi. Bu barada ol öz “Instagram” sahypasynda habar berdi.

Ýaryş ABŞ-nyň Florida ştatynyň Maýami şäherinde 9–14-nji dekabr aralygynda geçiriler.

Futbolçynyň bellemegine görä, oňa Argentinanyň “Riwer Plate” we “Newell’s Old Boys”, Amerikanyň “Inter Maýami”, Ispaniýanyň “Barcelona” we “Atletiko”, Angliýanyň “Çelsi” we “Mançester Siti” hem-de Italiýanyň “Inter” toparlary gatnaşjakdygyny tassykladylar.

 

 

Related posts

Habib razy, ýöne bir şert bilen…

“Real Madrid” 18-nji gezek Çempionlar ligasynyň finalynda oýnar

Germaniýa we Şweýsariýa 1/4 finala çykdy

Ata Watan Eserleri