Dzýudo boýunça Olimpiýa oýunlarynyň bäş gezek çempiony, fransiýaly Teddi Riner 2027-nji ýylda Fransiýanyň prezidentligi ugrunda bäsleşmegi meýilleşdirýär. Ol bu barada “Instagram” sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berdi.
«Meniň adym Teddi Riner. Şu gün men göni gözüňize seredip, size bir zady aýtmak isleýärin. Men 2027-nji ýylda geçiriljek prezident saýlawlaryna dalaşgär hökmünde gatnaşaryn» diýip, ol aýtdy.
Türgen syýasat ulgamynda tejribesiniň ýokdugyny boýun aldy.
Häzirki wagtda 37 ýaşyndaky Riner London (2012), Rio-de-Žaneýro (2016), Tokio (2021) şäherlerinde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda bir altyn medaldan, Parižde (2024) geçirilen Olimpiýa oýunlarynda bolsa iki altyn medal gazandy.
Fransiýaly türgen, şeýle hem dünýäniň 12 gezek we Ýewropanyň 5 gezek çempionydyr. Ol Fransiýanyň iň meşhur şahsyýetleriniň sanawynda yzygiderli öňdäki orunlary eýeleýär. 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda çap edilen IFOP jemgyýetçilik pikirini öwreniş merkeziniň sowalnamasynda Riner 11-nji orny eýeledi.
Fransiýanyň prezidentligine täze dalaşgär, dzýudo boýunça bäş gezek Olimpiýa çempiony Teddi Riner 2027-nji ýylda geçiriljek prezident saýlawlarynyň birinji tapgyrynda sesleriň 10 göterimini gazanyp biler.
Bu barada “Harris Interactive” kompaniýasynyň 9-njy noýabrda Fransiýanyň 18 ýaşdan uly 1000 raýatynyň arasynda geçiren jemgyýetçilik pikirini öwreniş sowalnamasynyň netijeleri şaýatlyk edýär.
