DÜNÝÄ

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşadyldy

Sapbaýew Döwrangeldi Işangulyýewiç, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşadyldy.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün alty aýyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde degişli Permana gol çekdi.

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmegi şol konserniň başlygynyň orunbasary Taäryguly Ataýewiň üstüne ýüklendi.

Related posts

Günorta Koreýada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň netijelerine bagyşlanan duşuşyk geçirildi

Ata Watan Eserleri

Ýapon çagalaryna Magtymgulynyň ömri we döredijiligi tanyşdyryldy

Dünýäniň iň garry erkek ýaşaýjysy