BILIM

Türkmen talyby — Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby

Ýakynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň roman-german we Gündogar dilleri fakultetiniň italýan dili we edebiýaty hünäriniň talyby Bahar Aýdogdyýewa Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde utgaşykly görnüşde geçirilen «Merkezi Aziýanyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşikde ýeňiş gazandy.

Eminler topary türkmen talybynyň ylmy we döredijilik işlerine ýokary baha berdi. Şeýlelikde, ildeşimiz I derejeli Diploma, döşe dakylýan nyşana we kuboga mynasyp boldy. Bäsleşigi Gazagystan Respublikasynyň «Bilim Orkenieti» milli innowasiýa ylmy-gözleg merkezi hem-de «Žana Gazagystan» respublikan innowasion merkezi bilelikde gurady.

Bu halkara bäsleşigiñ eminler topary türkmen talybynyñ ylma, sungata we döredijilige goşan goşantlaryna ýokary baha berdiler.
Bu halkara bäsleşiginde gazanylan ýeňiş bilen Bahar Aýdogdyýewa “Merkezi Aziýanyň iñ gowy talyplarynyň” hataryna goşuldy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti “OpenAI” kompaniýasy bilen emeli aň hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Türkmenistanyň wekiliýeti Londonda geçirilýän Bütindünýä bilim forumyna gatnaşýar

Abdulkasym Ferdöwsiniň şygryýet güni mynasybetli goşgy okamak bäsleşigi geçirildi

Ata Watan Eserleri

«Soňky jaň» dabaralary ýokary derejede geçirmek tabşyryldy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Aziýa Ösüş Bankynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

Aşgabatda halkara bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglandy