DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkezi bilen hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň ýerine ýetiriji direktory B.Mämmedow Türkmenistana saparynyň çäginde Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri Ç.Babanyýazow bilen duşuşdy.

Taraplar daşky gurşawy goramak babatynda köp meseläni ara alyp maslahatlaşdylar. Biodürlülik, suw gorlaryny tygşytly peýdalanmak, galyndylary dolandyrmak, şeýle hem ýol kartasyny taýýarlamak we Türkmenistanda galyndylary dolandyrmak boýunça milli strategiýany işläp düzmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Sebitdäki suw gorlaryndan tygşytly peýdalanmak meselelerine dykgaty artdyrmagyň zerurdygyna ünsi çekip, Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri iňňe pürli agaçlaryň üstesine ýaprakly agaç nahalhanalaryny döretmek üçin synag taslamasyny işläp düzmegi teklip etdi.

B.Mämmedow, öz gezeginde, ministrligiň wekillerini Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň ileri tutulýan ugurlary we täze taslamalary bilen tanyşdyrdy. Hususan-da, ol Bütindünýä bankynyň goldawy bilen amala aşyrylýan «Bitewi saglyk» we Türkmenistanyň gatnaşýan RESILAND CA+ taslamasy barada maglumat berdi.

Şeýle hem, duşuşygyň barşynda BMGÖM-iň Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyna goldaw berip biljek, ýagny tokaý kadastryny we ekologiki atlasyny işläp düzmek, şeýle hem daşky gurşawy goramak pudagyndaky beýleki hukuk resminamalaryny gowulandyrmak işinde goldaw berip biljek maglumatlar dile getirildi. Bu nukdaýnazardan, şu maksatnama gatnaşmak üçin, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan bir milli sazlaşdyryjy şahsy bellemek teklip edildi.

Iş duşuşygy döredijilikli ýagdaýda geçdi we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ädim boldy.

Ýene-de okaň

Britan kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk eder

Şa gyzy Diananyň köýnegi 520 müň dollara satyldy

Ankara şäherindäki Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginde gül goýmak dabarasy geçirildi

Serhetsiz sungat: Türkmenistan bilen Gruziýa medeni hyzmatdaşlygyny ösdürýär

Ukrainadaky Magtymgulynyň ýadygärligi oturdylan seýilgähe interaktiw gezelenç

Bangladeşiň Prezidenti Awazadaky foruma çagyryldy