Balkan welaýatynyň edermen gallaçylary şu ýylyň hasyly üçin geçen ýylyň güýzünde tohum sepen jemi 50 müň gektar ak ekin meýdanlaryndan 80 müň tonnadan gowrak guşgursak bugdaý hasylyny ýygnap, jogapkärli möwsümde ýurdumyz boýunça ilkinji bolup arzyly zähmet üstünligini gazandylar.
Mälim bolşy ýaly, 22-nji iýunda ýurdumyzyň ussat gallaçy kärendeçileriniň Watan harmanyna ak bugdaýyň 1 million tonnadan gowragyny tabşyrandyklary habar berildi. Onuň yzysüre döwletli Diýarymyzyň günbatar künjeginde ýerleşýän Balkan welaýatynyň edermen gallaçylarynyň 80 müň tonnadan gowrak ak bugdaýy Watan harmanyna goşup, ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda şertnamalaýyn borçnamasyny doly berjaý edendikleri baradaky hoş habar göwünleri galkyndyrdy.
Sebitiň toprak-howa şertleri bilen baglylykda, Balkan welaýatynda bugdaý oragyna 11-nji iýunda girişildi. Möwsümiň dowamynda bar bolan, ýokary iş öndürijilikli 100 çemesi kuwwatly kombaýn, ýygnalan hasyly galla kabul ediş nokatlaryna bökdençsiz daşamakda ýük awtoulaglarynyň 500-den gowragy netijeli peýdalanylýar. Işleriň göwnejaý ýola goýlup, tehnikalaryň saz işledilmeginiň gazanylmagy balkanly gallaçylary arzyly sepgide ýetirdi.
Munuň üçin düzüminde mehanikler, sazlaýjylar, kebşirleýjiler bolan ýörite hyzmat ediş toparlarynyň 16-sy gije-gündiziň dowamynda hereketde boldy. Watanymyzyň belent harmanyna guşgursak bugdaý hasylyny tabşyrmakda welaýatyň Gyzylarbat we Magtymguly etraplarynyň kärendeçileri has-da göreldeli zähmet çekdiler.
Balkan welaýatynda bugdaý Gyzylarbat, Bereket, Magtymguly, Etrek, Esenguly etraplarynda ekilýär. Onuň «Alekseiç», «Bezostaýa — 100» ýaly sortlary ekilip, olardan ýokary hasyl almak ugrunda ähli tagallalar edilýär. Welaýatda bugdaý öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamanyň ýylyň-ýylyna ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda berjaý edilmegine sebitiň oba hojalyk önümlerini öndüriji hususy düzümleri hem mynasyp goşantlaryny goşýarlar.