SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Pekin – Duşenbe” ugry boýunça ilkinji gatnawyny ýola goýdy

Täjigistanyň we Hytaýyň paýtagtlarynyň arasynda hytaý awiakompaniýasy tarapyndan amala aşyrylýan ilkinji göni ýolagçy gatnawlary açyldy. “China Southern Airlines Co., Ltd.” kompaniýasynyň satuw bölüminiň wise-prezidenti, ykdysady geňeşiniň ýolbaşçysy Li Dansong “Howar” habar agentliginiň habarçysyna bu ýolagçy gatnawynyň ähmiýeti barada gürrüň berdi.

“Pekin – Duşenbe” ugry boýunça gatnawyň açylmagy “China Southern Airlines” kompaniýasy üçin halkara ugurlar ulgamyny giňeltmekde we Hytaý bilen Täjigistanyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde strategiki ädim bolup durýar.

Iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çuňlaşmagy bilen Hytaýa we Täjigistana syýahat edýän müşderileriň sany barha artýar. Täze ugur bolsa amatly howa köprüsini döreder. Bu uçuş diňe bir ýol wagtyny gysgaltmak bilen çäklenmän, eýsem, syýahat etmegiň netijeliligini ýokarlandyrar we çykdajylary peselder.

24-nji iýundan başlap uçuşlar hepdelik iki gezek — sişenbe we şenbe günleri amala aşyrylar. Uçuşyň dowamlylygy takmynan 7 sagat bolar.

Ýene-de okaň

“Türkmenistan” awiakompaniýasy halkara uçuş tertibini täzeledi

Türkmenistanda syýahatçylyk kärhanalarynyň sany 250-ä golaýlady

“Türkmenistan” awiakompaniýasy çagalar üçin ýeňillikli uçuşlary yglan etdi!

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde Aýurweda okuw otagy açyldy

ABŞ wizasynda täzelik : Bond howa menzilleriň sany artdy

Türkmenistandaky resmi syýahatçylyk kärhanalarynyň sanawy