SPORT

Röwşen Meredow Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Tehniki direktory, futbol hünärmeni Röwşen Meredow Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi wezipesine bellenildi.

Futbol ýoluny 1999-njy ýylda Balkanabat şäheriniň “Nebitçi” toparynda başlan R.Meredow dürli ýyllarda “Dagdan”, “Galkan”, “Ahal” hem-de “Ýedigen” toparlarynda çykyş etdi.

Futbol maşgalasyndan bolan R.Meredow karýerasyny tamamlanyndan soň tälimçilik ýoluny saýlap aldy.  PRO derejeli tälimçilik şahadatnamasy bolan R.Meredow 2013 – 2020-nji ýyllaryň aralygynda paýtagtymyzyň “Ýedigen” hem-de Ahal welaýatynyň “Ahal” toparlaryna tälim berdi. Onuň ýolbaşçylygyndaky toparlar dürli ýyllarda ýurdumyzyň çempionatynda baýrakly orunlary eýeledi. 2017-nji ýylda “Ahal” topary Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy.

R.Meredowyň tälim berýän “Ýedigen” toparynyň 2014-nji ýylda AFK-nyň Prezidentiniň Kubogynda ýeňiş gazanandygyny aýratyn bellemek gerek.

Tejribeli tälimçi 2020-nji ýylyň futbol möwsüminde Özbegistanyň “Kyzylkum”, 2022-nji ýylda bolsa Gyrgyz Respublikasynyň “Kanagat” toparlaryny türgenleşdirdi.

Şu ýylyň başynda R.Meredowyň TFF-niň Tehniki direktorynyň wezipesinde zähmet çekip gelýändigini bellemek gerek.

Futbol hünärmeni, şeýle-de, 2020-nji ýyldan häzirki wagta çenli FIFA-nyň GFD (Global futbol ösüşi) bölüminde tehniki eksperti wezipesinde işleýär. Ol bu wezipede dünýä belli  futbol hünärmeni Arsen Wengeriň ýolbaşçylygynda zähmet çekýär.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady