SIZDEN GELENLER

Türkmen ýaşlarynyň ylmyň ösüşindäki orny

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ylym-bilim ulgamy yzygiderli ösýär. Ylma we döredijilige uly üns berilýär, ýaşlara giň mümkinçilikler döredilýär. Çünki ýaşlar – ylymyň we ösüşiň daýanjy, ýurdumyzyň geljegini şekillendirýän güýçdir. Türkmenistanyň ýaşlarynyň milli ylmyň ösüşindäki orny häzirki günlerde aýratyn ähmiýete eýedir. Bilim alýan, ylym bilen meşgullanýan, döredýän, täzelikleri durmuşa geçirýän ýaş nesil biziň Watanymyzyň nurana geljeginiň binýadydyr.

Ýaşlaryň ylma bolan höwesi, döredijilik ukyby ýylsaýyn artýar. Muny ýurdumyzda geçirilýän dürli derejedäki ylmy bäsleşiklerde, halkara forumlarda ýaşlaryň gazanýan üstünlikleri aýdyň görkezýär. Mysal üçin, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary fizika, matematika, ekologiýa, kompýuter tehnologiýalary ýaly ugurlarda taýýarlan ylmy taslamalary bilen daşary ýurtlarda üstünlikli çykyş edip, Türkmenistanyň ylmy abraýyny belende galdyrýarlar. Munuň özi diňe bir şahsy üstünlik bolman, eýsem ýurdumyzyň ylym ulgamynyň dünýä bilen deň derejede ösýändiginiň subutnamasydyr.

Bu üstünlikleriň, elbetde, baş çeşmesi döwlet derejesindäki giň goldawdyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşlaryň bilim almagyna, ylmy işlerine gatnaşmagyna döredilýän şertler çäksizdir. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde häzirki zaman enjamlaşdyrylan laboratoriýalaryň, ylmy-barlag merkezleriniň döredilmegi, talyplaryň daşary ýurtlaryň öňdebaryjy uniwersitetlerinde bilim almagyna mümkinçilik döredilmegi ýaşlaryň ylma bolan höwesini has-da artdyrýar. Şeýle hem, ýurdumyzyň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkezinde ýaşlar ylmy tejribe edinýärler, tejribeli alymlar bilen bilelikde ylmy iş alyp barýarlar.

Türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alýan baý medeni mirasy ýaş alymlar üçin çäksiz ylmy çeşme bolup hyzmat edýär. Halkymyzyň gadymy ýörelgeleri, halk lukmançylygy, halyçylyk sungaty, dutarçylyk mekdebi ýaly milli gymmatlyklary ylmy taýdan öwrenmek, olary dünýä tanatmak häzirki ýaşlarymyzyň öňünde duran möhüm wezipe bolup durýar. Munuň özi diňe bir ylma hyzmat etmän, eýsem milli mirasyň, medeniýetiň hem ösmegine itergi berýär. Şeýlelikde, ýaşlaryň ylma bolan gyzyklanmalary diňe tehniki ýa-da teoretiki däl, oňa ruhy we watansöýüjilik nukdaýnazaryndan hem garamak ýerliklidir.

Şeýle döredijilikli mümkinçilikleriň hötdesinden gelýän, gujurly, bilimli, ylymly ýaşlarymyz bilen bu günki we ertirki günimize buýsanmaga doly hakymyz bar. Hormatly Prezidentimiziň: « Ýaşlar mähriban halkymyzyň, eziz Watanymyzyň beýik geljegini gurujylardyr, jemgyýetimiziň işjeň bölegidir. Eziz Diýarymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi we aýdyň geljegi bolan ýaşlar biziň alyp barýan işlerimize, ýurdumyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Bu günki gün ylym-bilim, sport, medeniýet, sungat ugurlarynda dünýäde uly üstünlikleri gazanýan türkmen ýaşlarynyň döwletimiz tarapyndan özlerine bildirilýän belent ynamy ödeýändiklerine buýsanýarys» diýen gymmatly gutlag sözi ýaşlary ylma höweslendirmekde ýörelgä öwrüldi. Bu ynam, bu goldaw ýaşlarymyzy has-da belent maksatlara ruhlandyrýar. Şonuň üçin her bir ýaş, aýratyn-da talyp ýaşlar, ylym bilen meşgullanmagy diňe bir şahsy ösüş däl, eýsem mukaddes Watana hyzmat hökmünde kabul etmeli.

Ylym – döwletiň röwşen geljeginiň ýoludyr. Bu ýol bilen ynamly öňe barýan ýaşlar – Watanyň daýanjydyr. Şeýle zehinli, ruhubelent ýaşlaryň arasynda ylmyň şöhratly ýoly hiç wagt togtamaz, ol diňe ösüşe tarap ugrukdyrar. Şeýle ýaşlaryň ýüreginde ylyma, Watana, milli mirasa söýgi bar bolsa, bu halkyň geljegi hem ýagty, hem berk binýatly bolar.

Zylaýha Orazowa,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.

Ýene-de okaň

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Şekillendiriş sungaty sapagynyň ähmiýeti

Internet torunyň orny we ähmiýeti

Iňlis dili-täze mümkinçilikler

Beýik Seljuk döwletinde bilimiň gurnalmagynda Mälik şanyň hyzmatlary

Bilim – ösüşleriň berk binýady