SPORT

Ançelotti Braziliýanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi boldy

Ispaniýanyň “Real Madrid” toparynyň tälimçisi Karlo Ançelotti Braziliýanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi wezipesine bellendi. Ol Braziliýanyň Futbol Konfederasiýasy bilen şertnama baglaşdy we 26-njy maýda wezipesine girişer.

65 ýaşyndaky hünärmen Ispaniýanyň milli futbol çempionatynyň çäginde 25-nji maýda geçiriljek “Real Madrid”  – “Real Sosýedad” duşuşygyndan soňra ispan toparyndaky wezipesini tamamlar.

2021-nji ýylda ispan toparynyň tälimçisi wezipesine bellenen Karlo Ançelotti ozal 2013-2015-nji ýyllarda hem bu topara tälim beripdi. Ol “Real” topary bilen 2 gezek Ispaniýanyň çempiony boldy, şeýle hem UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň kubogyny 3 gezek gazandy.

Şol bir wagtda Karlo Ançelotti iň köp hak tölenýän milli ýygyndylaryň tälimçisi bolar. Ol Braziliýanyň milli ýygyndysyna tälim bermek bilen her ýyl 10 million ýewro gazanar.

2026-njy ýylda Braziliýanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatynda çempion bolan halatynda 5 million goşmaça pul baýragy berler.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatynda 28 ýygyndy pleý-off tapgyryna çykdy

Kabo-Werde hem ýeňmän, hem ýeňilmän 1/16 tapgyryna çykdy

Maýsa Pardaýewa Gran-pri ýaryşynda ilkinji altyn medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempionatynda 1/16 finalyna çykan 19 ýygyndy belli boldy

Futbol boýunça dünýä çempionaty tomaşaçy sany boýunça rekord goýdy

Dünýä çempionatynda urlan gollar boýunça täze rekord goýuldy