SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkiýä 3 aýda syýahatçylyk pudagyndan 9,5 milliard dollar girdeji gazandy

Şu ýylyň üç aýynda Türkiýä gelen jahankeşdeleriñ sany 8.844 milliona ýetdi. Syýahatçylyk pudagynyň ýurda getiren girdejisi bolsa 9,5 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. Bu barada Türkiýäniň medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý Stambulda geçirilen metbugat ýygnagynda habar berdi.

Ministriň belläp geçmegine görä, bu ýurduň syýahatçylyk pudagynyň taryhynda birinji çärýekdäki ýetilen iň ýokary görkezijileriñ bolup durýar.

«BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň habaryna görä, Türkiýe Respublikasy 2024-nji ýylda syýahatçylyk pudagy boýunça dünýä bazarynda 4-nji oruna eýe boldy. Türkiýä geçen ýyl 60 million daşary ýurtly jahankeşde getirmegi maksadyndan ugur alyp, 62,2 million syýahatçy bilen rekord görkezijileri gazanmagy başardy. Şunlukda ýylyň ahyryna çenli ýurda 65 million syýahatçy çekmegi, şeýle hem 64 milliard ABŞ dollaryna barabar bolan girdeji gazanmagy maksat edinýäris» – diýip, ýurduñ medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý öz çykyşynda belledi.

Şeýle hem ministr, 2025-nji ýylyň ilkinji üç aýynda syýahatçylyk girdejileriniň 5,6 göterim ýokarlandygyny aýtdy.

Seljerilen görkezijileriň netijelerine laýyklykda,  Eýrandan 733 müň, Russiýadan 601 müň, Germaniýadan 572 müň, Bolgariýadan 560 müň we Beýik Britaniýadan bolsa 304 müň syýahatçy dynç almak üçin Türkiýä geldi. Ortaça 11 gün Türkiýede boldular we olaryñ günlük ortaça harajaty bolsa 98,90 dollara barabar boldy.

Ýene-de okaň

Üstünlikler, tejribeler, hyzmatdaşlyk…

«Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabyň XVII jildi tanyşdyryldy

Mary welaýat inçekesel hassahanasy açyldy

Aşgabatda täze, döwrebap saglyk öýi açyldy

Ýurdumyzda täze saglygy goraýyş desgalarynyň düýbi tutuldy

“Şadyýan gurluşyk” hojalyk jemgyýeti Tejen we Daşoguz şäherlerinde saglyk merkezlerini gurar