DÜNÝÄ

Moskwada Hazar deňzi meseleleri boýunça iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

2025-nji ýylyň 5-7 maýynda Moskwada Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli iş toparynyň onunjy mejlisi geçirildi.

Mejlise Türkmenistanyň (wekiliýetiň başlygy – M.G.Atajanow), Azerbaýjan Respublikasynyň (wekiliýetiň başlygy – S.A.Şarifow), Eýran Yslam Respublikasynyň (wekiliýetiň başlygy – A.Jahangiri), Gazagystan Respublikasynyň (wekiliýetiň başlygy – Z.A.Amanjolowa) hem-de Russiýa Federasiýasynyň (wekiliýetiň başlygy – M.I.Petrakow) wekiliýetleri gatnaşdylar. Mejlise Russiýa Federasiýasynyň wekiliýetiniň başlygy M.I.Petrakow ýolbaşçylyk etdi.

Mejlisiň dowamynda Hazar deňzinde asyl göni çyzyklary goýmagyň usullary ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň çäklerinde taraplar Hazar deňzindäki hyzmatdaşlyga syn berdiler hem-de  Daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygyna taýýarlyk meselelerine seredip geçdiler.

Wekiliýet agzalary gepleşikleriň netijelerine oňyn baha berdiler we mejlisi ýokary derejede gurandygy üçin Russiýa Federasiýasyna minnetdarlyk bildirdiler. Hazar deňzi meseleleri boýunça ýokary derejeli Iş toparynyň indiki mejlisi Türkmenistanda diplomatik ýollar arkaly ylalaşylan senelerde geçiriler.

Ýene-de okaň

Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda saparda bolar

Türkmenistanyň Mejlisinde Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi

Ankarada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi

Türkmenistanyň we Bütindünýä gümrük guramasynyň wekilleri Brýusselde duşuşdy

Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň Ilçisi Hubeý welaýatynda geçirilen çärelere gatnaşdy