Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary Gazagystanyň Aktau şäheriniň 2025-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdylar. Bilşimiz ýaly, geçen ýyl bu derejäni ýurdumyzyň gadymy we şöhratly şäherleriniň biri bolan Änew göteripdi.
Aktau şäherinde TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti guraldy. Bu ýerde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary şowhunly garşylandy. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň «Galkynyş» folklor-tans toparynyň aýdymçylarynyň hem-de tansçylarynyň çykyşlary gülläp ösýän dost-doganlyk gatnaşyklarynyň özboluşly beýanyna öwrüldi.
Aktau şäherinde guralan uly sahnada açylyş dabarasy mynasybetli gutlag sözlerinden soňra çykyşlara giň orun berildi. «Galkynyş» folklor-tans toparynyň hem-de aýdymçylaryň çykyşlary şatlyk-şowhuna beslendi.
Aktau şäherinde geçirilen halkara çäre türki döwletleriň doganlyk gatnaşyklaryny berkitmekde medeniýetiň, sungatyň ähmiýetiniň uludygyny nobatdaky gezek tassyklady. Şeýle çäreler birek-biregiň ruhy-medeni mirasyny öwrenmäge gyzyklanmany artdyrýar, döwletara gatnaşyklarda ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmegiň wajypdygyny tassyklaýar. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan joşgunly çykyşlar hemmelerde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.
Soňky ýyllarda Türkmenistanyň hem-de TÜRKSOÝ-nyň arasynda gatnaşyklar işjeň ösdürilýär. Toplanan baý tejribe we hoşniýetli däpler bu ugurdaky gatnaşyklary dowam etdirmäge, dost-dogan halklaryň taryhyna, medeniýetine, sungatyna gyzyklanmalary höweslendirmäge ýardam berýär.