MEDENIÝET

“BTS” toparyndan täze rekord

K-pop topary bolan “BTS”, Maýkl Jeksondan soň aýdym-saz sanawynyň başynda bolan ilkinji daşary ýurtly topar bolmagy başardy. “BTS” topary “Kalbymyň kartasy: 7” atly soňky albomy bilen täze rekord goýdy.

“Independent” we “Somag News” habar gulluklarynyň habarlaryna görä, dünýä belli K-pop topary Maýkl Jeksonyň birnäçe ýyl ozal Ýaponiýada goýan rekordynyň täzelemegi başardy. “Kalbymyň kartasy: 7” albom çykandan birnäçe aý soň hem satuw sanawlarynda öňdeligi sürýär.

Maýkl Jekson 1984-nji ýylda meşhur “Triller” albomy bilen sanawyň başynda boldy. “Oriconyň” beren beýanyna görä, “BTS” 2020-nji ýylyň birinji ýarymynda Ýaponiýada jemi 429 müň nusgasyny satdy. Şu ýylyň fewral aýynda çykan “Kalbyň kartasy: 7” şu aýda “Oriconyň” gündelik, hepdelik we aýlyk albom satuw sanawlarynyň başynda boldy.

“BTS” geçen ýyl “Soul Map: Persona” albomy bilen 2019-njy ýylyň birinji ýarymynda gurnalan “Oricon” sanawynda üçünji ýeri eýeledi.

Ýene-de okaň

Balkan welaýatynda 22-nji iýunda Medeniýet hepdeligine badalga berler

Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasynda “Azerbaýjan edebiýaty burçy” açyldy

Arkadag şäheri Azerbaýjanyň Medeniýet günlerini kabul etdi

Arkadag şäheriniň kitaphanasynda «Azerbaýjan edebiýatynyň burçy» açyldy

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günlerine badalga berildi

Arkadag şäherinde ilkinji gezek Azerbaýjanyň Medeniýet günleri geçirilýär