BIZNES

Türkmenistan 11 milliard dollar möçberinde maýa goýumlary çeker

Şu gün paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum öz işine başlady. Bu forum ýurdumyzyň hususy pudagynyň maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak, tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança öwrüldi.

Forumda çykyş eden Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Perhat Ýagşyýew ýurdumyzyň maýa goýum syýasatynyň durmuş-ykdysady görkeizjileri ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini belledi. Ol Türkmenistanyň öz ykdysadyýetini pugtalandyrmak üçin giň mümkinçiliklere eýedigini aýtdy.

Sebit we durmuş maksatly taslamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde 11 milliard dollar möçberinde maýa goýumlaryny çekmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Munuň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdiriler.

Häzirki wagtda Türkmenistan bilen onuň hyzmatdaş döwletleriniň arasynda 63 şertnama hereket edip, munuň maýa goýum pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirilýändiginiň subutnamasy bolup durýandygy bellenildi.

Bu şertnamalar bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge amatly şertleri döredýär.

Ýene-de okaň

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmenistan Malaýziýada geçirilen “OTC Asia 2026” halkara maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistan öz önümlerini «Kazan Halal Market» halkara ýarmarkasynda hödürlär

Waşingtonda ABŞ-Özbegistan işewürlik geňeşiniň mejlisi geçirildi

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär