Ozal habar berlişi ýaly, 2025-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygyna bagyşlanan sergi öz işine başlady. Dabaranyň başynda Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli sergä hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara foruma gatnaşyjylara iberen Gutlag haty okaldy. Gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşylanan Gutlagdan soňra ýaňlanan aýdym-sazly çykyşlar sergä gatnaşyjylaryň we myhmanlaryň ruhuny belende göterdi.
Bu giň möçberli sergi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen telekeçileriniň soňky 17 ýylyň dowamynda gazanan üstünliklerini, täze sepgitlerini hem-de ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ykdysady özgertmeleri giňden açyp görkezmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny we öňdebaryjy dünýä tejribesini işjeň ornaşdyrýan milli işewürler üçin bu sergi diňe bir ýeten derejelerini görkezmek bilen çäklenmän, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin hem uly mümkinçilik döreder.
Döwlet tarapyndan döredilýän amatly şertlerden peýdalanyp, häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan kärhanalarda öndürilýän ýokary hilli, eksporta ugrukdyrylan önümleriň önümçiligini artdyrýan telekeçilerimiziň gazananlaryny giň jemgyýetçilige ýetirmekde bu sergi aýratyn ähmiýete eýedir. Ýeri gelende bellesek, TSTB-niň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli sergi bilen ugurdaşlykda 18-nji martda «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly hususy pudaga maýa goýumlary çekmek boýunça halkara forum hem geçiriler.
Hususy pudak üçin özboluşly meýdança hökmünde çykyş edýän bu çäre üç günläp dowam eder we milli hem-de halkara derejede täze hyzmatdaşlyklaryň başlanmagyna itergi berer.