Paýtagtymyzyň “Watan” kinokonsert merkezinde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 2-4-nji synp okuwçy gyzjagazlaryň arasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda geçirilýän «Iň eýjejik gyzjagaz – 2025» atly şadyýan bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bu barada 15-nji martda “Watan” habarlar gepleşiginiň agşamky sanynda habar berildi.
Jemleýji tapgyrda eýjejik gyzjagazlar üç şert boýunça bäsleşip, olar birinji şertde Watanymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, parahatçylygy we sagdyn durmuş ýörelgesini wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler. Ikinji şertde, milli egin-eşikleri geýnen, şaý-sepleri dakynan gyzjagazlar olary şahyrana sözler bilen wasp edip ýerine ýetirdiler. Üçünji şertde bolsa, olar öz ýaş aýratynlyklaryna görä, ene-mamalarymyzdan miras galan milli el işleriniň görnüşlerini ýerine ýetirmekde bäsleşip, alaja, jorap ördüler, keşde etdiler, haly çitimlerini çitip görkezdiler.
Eminler agzalaryň baha bermeginde, ýeňijileri kesgitlendi:
-Baş baýraga – Aşgabat şäheriniň 99-njy orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Nurgözel Berdiýewa;
-I orny – Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Aýnäzli Jepbarowa;
-II orny – Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň 2-nji synp okuwçysy Gülnar Gurbangulyýewa hem-de Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň 29-njy orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Aýgözel Muhammedowa;
-III orny – Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň 25-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Gülnäz Şamyradowa, Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 1-nji orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Melek Esenowa hem-de Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 15-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Arzuw Amanowa dagylar eýelediler.
Şeýle hem, bäsleşigiň dowamynda aýratyn tapawutlanan gyzjagazlar “Mahmal owazly gyzjagaz”, “Milli zynatly gyzjagaz”, “Çeper waspçy gyzjagaz”, “Watançy gyzjagaz”, “Şahandaz gyzjagaz”, “Saýrak dilli gyzjagaz”, “Şirin owazly gyzjagaz” atly Hormat hatlary bilen sylaglandylar.
Ýeňijilere guramaçylar tarapyndan Hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.