Häzirki zaman binagärlik aýratynlyklaryny özünde jemleýän Arkadag şäherinde Hytaý Halk Respublikasynyň Hançžou Dýanszi uniwersitetiniň bu şäheriň ekologik taýdan arassalygyny alamatlandyrýan Üstünlik güwänamasynyň gowşurylmagy mynasybetli dabara geçirildi.
Dabara şäheriň ýolbaşçy düzüminiň wekilleri, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, hormatly ýaşulular, köp sanly ýaşlar gatnaşdylar.
Amatly ýaşaýyş üçin ýokary derejeli şertleri özünde jemleýän, milli binagärlik bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag şäherine dürli ugurlar boýunça halkara güwänamalaryň, degişli diplomlaryň we şahadatnamalaryň gowşurylmagy ýurdumyzda binagärlik ýörelgeleriniň ösüşiň täze derejesine çykandygyny görkezýär.
HHR-iň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen Arkadag şäherine Hançžou Dýanszi uniwersitetiniň Üstünlik güwänamasyny gowşurmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowa güwänamany gowşurdy. Pursatdan peýdalanyp, ol Arkadag şäheriniň ýolbaşçylaryny we ähli ilatyny “akylly” şäheriň ekologik taýdan arassalygy bilen tapawutlanýandygy hakyndaky bu ykrarnama bilen gutlady.
Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine üýtgetmeler girizmek hakynda degişli karary kabul edendigi barada aýdyldy. Resminama bilen, Aşgabat şäheriniň 65 ga ýerini Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine geçirmek baradaky çözgüt kabul edildi.
Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň dürli maksatly desgalarynyň binagärlik aýratynlyklary dünýä jemgyýetçiliginiň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Munuň özi ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurduň kuwwatyny we derejesini görkezýär.