DÜNÝÄ

4 ýurduň nebit kompaniýalarynyň özara hyzmatdaşlygy

Baku şäherinde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Gazagystanyň “KazMunaýGaz” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ashat Hasanow, Tatarystanyň “Tatneft” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Nail Maganow hem-de “Uzbekneftegaz” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Bahodiržon Sidikow bilen duşuşdy.

Azerbaýjanyň Lideri köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň başlandygyny aýtdy. Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Özbegistanyň nebit kompaniýalarynyň arasynda işjeň gatnaşyklar ýola goýuldy we ikitaraplaýyn görnüşde birnäçe taslamalar durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, özara tagallalary birleşdirmegiň ähmiýetine ünsi çekildi.

Şeýle hem Aliýew dörttaraplaýyn bilelikdäki önümçilik boýunça hyzmatdaşlyk etmegiň ähmiýetini belledi.

Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň täze görnüşiniň geljegi barada pikir alşyldy we bu ýurtlaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňelmegine goşant goşjakdygyna umyt bildirildi. Bu formatyň adatdan daşary ýagdaýlary aradan aýyrmak, sanly tehnologiýalar we programma üpjünçiligi ugurlaryndaky işleriň utgaşdyrmak, şeýle hem senagatyň dürli pudaklarynyň ösdürmek üçin möhüm meýdança boljakdygy bellenildi.

Şeýle hem 4 ýurduň nebit kompaniýalarynyň arasynda dörttaraplaýyn we ikitaraplaýyn şertnamalara gol çekildi.

Taraplar sanly tehnologýalar we senagat howpsuzlygy ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek babatdaky degişli ylalaşyklary baglaşdylar.

Ýene-de okaň

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokioda halkara simpoziumyna gatnaşdy

Gazagystanda BMG-niň sebitleýin edarasy döredildi

Dünýäniň iň kiçi seýilgähi

Magtymgulynyň goşgulary ukrain dilinde

Ispaniýa Türkmenistana täze ilçi belledi