DÜNÝÄ

8-nji maý ABŞ-da Ýeňiş güni diýlip yglan edildi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 8-nji maýy Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň hatyrasyna Ýeňiş güni, 11-nji noýabry bolsa, Birinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň hatyrasyna Ýeňiş güni diýip yglan etdi. Bu barada ol özüniň “Truth Social” jemgyýetçilik torunda habar berdi.

Ak Tamyň ýolbaşçysy Donald Tramp Birleşen Ştatlaryň Beýik Watançylyk urşuna goşan goşandynyň beýleki döwletlerden ep-esli köpdügini belledi. Şonuň üçin ol 8-nji maýy ABŞ-da Ýeňiş güni diýip yglan etdi.

Şeýle hem Tramp 11-nji noýabry Birinji jahan urşunda gazanylan ýeňşiň hatyrasyna Ýeňiş güni hökmünde yglan etdi. Ol ABŞ-nyň bu iki wakadan ýeňişli çykandygyny belledi.

Related posts

Turkmen-American political consultations were held

vepa

Tatarystanda döwlet ýolbaşçysyna täze at bilen ýüzlenmek teklip edildi

Hindi ýogaçylaryň Ginnes rekordy