Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian Tähran bilen Aşgabadyň arasynda söwda gatnaşyklaryny has-da giňeltmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Bu barada Eýranyň Prezidenti 3-nji Hazar ykdysayd forumyna gatnaşmak üçin Tährana baran Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen geçiren duşuşygynda belläp geçdi.
Prezident Pezeşkian türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmak babatdaky garaýyşlaryna ýokary baha berip, Yslam Respublikasynyň goňşy döwlet bilen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga doly ygrarlydygyny aýtdy.
Eýranyň Prezidenti söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge çagyryp, iki ýurduň arasynda söwdanyň möçberini artdyrmak ugrunda giň mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.
Türkmen wekiliýeti hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, 3-nji Hazar ykdysady forumynyň Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde möhüm gural bolup hyzmat edýändigini belledi.
Energetika we ulag pudaklaryndaky bilelikdäki taslamalaryň möhümdigine ünsi çeken türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Eýrana diňe bir goňşy döwlet däl, eýsem strategik hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny belläp geçdi.