JEMGYÝET

Türkmenistan Türkiýe bilen parlament hyzmatdaşlygyny ösdürer

 Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy söhbetdeşligiň başynda doganlyk türk halkyna 6-njy fewralda ýurduň günorta-günbatar sebitinde bolup geçen güýçli ýertitreme zerarly ýene bir gezek çuňňur gynanç bildirdi hem-de Beýik Biribardan gurban bolanlaryň jaýynyň jennet bolmagyny, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklaryny dileg etdi.

Öňden gelýän asylly ýörelgelere eýerilip, Türkmenistanyň Hökümetiniň we türkmen halkynyň adyndan doganlyk türk halky, şol sanda güýçli ýertitreme zerarly ejir çeken çagalar üçin ynsanperwerlik ýüki iberildi. Nesilden-nesle geçip gelýän şeýle asylly ýörelgeler häzirki wagtda mynasyp derejede dowam etdirilýär diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy belledi.

Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentop Türkiýäniň halkynyň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan duýgudaşlyk sözleri hem-de goldaw üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, agyr günlerde duýgudaşlyk bildirmegiň, doganlyk goluny uzatmagyň türk halkynyň ruhuny ýokary götermekde örän möhümdigini nygtady.

Halk Maslahatynyň Başlygy, 26-njy martda Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň nobatdaky saýlawlarynyň geçiriljekdigini habar berip, milli parlamentiň täze düzüminiň halkara gatnaşyklary, şol sanda Türkiýe Respublikasynyň parlamentarileri bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynam bildirdi.

Milli Liderimiz türkmen-türk parlamentara gatnaşyklaryny giňeltmekde onuň ornuny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türki Döwletleriň Guramasy bilen hyzmatdaşlyga uly üns berilýär. Türkmenistan bu gurama synçy derejesinde goşulmak bilen, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanmasyny tassyklady. Şonuň bilen birlikde, biziň ýurdumyz Türki döwletleriň Parlament Assambleýasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk edýär we bu gatnaşyklary geljekde-de dowam etdirer.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar

Türkmenistanda ýolbaşçylar 1-nji awgustdan dynç alşy çykarlar