JEMGYÝET

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde saparda bolan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkiýäniň daşary işler ministri Hakan Fidan bilen duşuşdy. Bu barada türk metbugaty habar berýär.

Iki ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Şeýle hem duşuşykda iki ýurduň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, energetika we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Erdogan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul edipdi.

Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatdaky hyzmatdaşlygy berkitmäge özara ygrarlylygy bellemek bilen, taraplar Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüş depginine çuňňur kanagatlanma bildirdiler.

Şeýle hem özara gyzyklanma bildirýän sebit we halkara gün tertibiniň häzirki zaman meseleleri boýunça pikir alyşyldy.

Related posts

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanda saparda boldy

Ogulgerek Berdimuhamedowa Hytaýyň Milli sungat we senetçilik muzeýine baryp gördi

Türkmenistandan Dinara Rozykulowa altyn medal gazandy

Ata Watan Eserleri