BIZNES

Ýanwar-fewral aýlary: makroykdysady görkezijiler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen iki aýynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi.

2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berildi.

  • Hasabat döwründe jemi içerki önümiň artmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu görkeziji 6,2 göterime barabar boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6 göterim artdy.
  • Şu ýylyň iki aýynyň jemleri boýunça bölek satuw haryt dolanyşygy, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,5 göterim artdy.
  • Daşary söwda dolanyşygynyň möçberi eksportyň we importyň artmagynyň hasabyna, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 3,4 göterim ýokarlandy.
  • Maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,1 göterim artdy.
  • Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça ýanwar-fewral aýlarynda birža söwdalarynyň 49-sy geçirilip, 5 müň 50 şertnama hasaba alyndy.
  • Söwda-senagat edarasy boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 130 göterime deň boldy, 1 sergi we 5 maslahat geçirildi.
  • Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň iki aýynda oba hojalyk we azyk harytlarynyň önümçiliginiň ösüş depgini 139,5 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini bolsa 105,3 göterime barabar boldy.

Ýene-de okaň

CNPC Türkmenistana 13 milliard amerikan dollaryndan gowrak maýa goýdy

Özbegistan bilen Aziýa ösüş banky 12 milliardlyk ylalaşyklara gol çekdi

Türkmenistanyň Ilçisi «Dragon Oil» kompaniýasynyň Baş ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Iri hytaý korporasiýalary Aşgabatda senagat hyzmatdaşlygy boýunça taslamalary hödürlediler

Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň möçberi 77,4 milliard ABŞ dollara ýetdi

Hytaý Türkmenistana 300 megawatlyk Gün elektrik stansiýasynyň taslamasyny hödürleýär