BIZNES

Türkmenistanyň Prezidenti: azyk harytlaryň nyrhlary esassyz ýokarlandyrylmaly däldir

Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew gözegçilik edýän söwda we dokma toplumlarynyň, telekeçilik ulgamynyň şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň bazarlarynda we söwda nokatlarynda azyk önümleri hem-de halkyň sarp edýän harytlary bilen üpjünçiligini durnukly ýagdaýda saklamagyň, şu möwsümde gök önümleriň, beýleki azyk harytlaryň nyrhlarynyň esassyz ýokarlandyrylmagyna ýol berilmezliginiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere azyk harytlary bilen yzygiderli üpjünçiligi gazanmak üçin zerur çäreleri görmek tabşyryldy.

Related posts

Birža paýdarlar jemgyýetine öwrüler: Paýnamalar hususy tarapa satylar

Ata Watan Eserleri

Aşgabatda “OGT-2021” halkara maýa goýum forumy geçiriler

USAID kiçi we orta işewürligiň wekilleri üçin sanly we maliýe sowatlylygy boýunça webinary gurnar

Leave a Comment