JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ykdysady gatnaşyklaryny berkidýär

Azerbaýjanyň ministri türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini, berk şertnama-hukuk binýadynyň döredilýändigini, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň pugtalanýandygyny belledi.

– Ulag-üstaşyr ulgamy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir. Döredilen amatly infrastrukturany we mümkinçilikleri netijeli peýdalanmak sebitiň ösüşine goşant goşar  – diýip, ministr aýtdy.

Kawkaz bilen Merkezi Aziýa sebitlerini birleşdirýän gysga we amatly ýol Hazar deňzini geçmek bilen Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň çäginden geçýär. Bu hem iki ýurdy transkontinental ulag geçelgeleriň esasy gatnaşyjylaryna öwürýär.

Duşuşykda energetika, maýa goýum hyzmatdaşlygy, söwda we kommunikasiýa ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy.

Taraplar hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek hem-de ykdysadyýet ulgamynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça maslahatlaşmalar geçirdi.

Related posts

“Ata Watan Media” reklama hyzmatdaşlygyny giňeldýär

Ata Watan Eserleri

Baş arçanyň ýanyndaky dabaralar

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti Mongoliýada döwlet saparynda bolar