BIZNES

Türkmenistan bilen Gazagystanyň gümrük edaralarynyň arasynda deslapdan maglumat alyşmaga badalga berildi

«Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri babatda deslapky maglumatlary alyşmagyň Tehniki şertleriniň» türkmen tarapyndan gol çekildi.

Resminama, 25.10.2021 senedäki Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Gazagystan Respublikasynyň Maliýe ministrliginiň arasynda Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasynda geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri babatda deslapky maglumatlary alyşmagy guramak hakynda Ylalaşygyň düzgünlerini ýerine ýetirmegiň çäginde işlenip taýýarlandy.

Tehniki şertler iki döwletiň gümrük edaralarynyň arasynda alyşylmaly maglumatlaryň düzümini tassyklaýar. Maglumat alyşmagyň tertibi, görnüşi, usullary we wagty kesgitlendi.

Deslapdan maglumat alyşmak iki tapgyrda amala aşyrylar. Birinji tapgyrda eksport deklarasiýalary alyşylar, ikinji tapgyrda üstaşyr deklarasiýalary alyş-çalyşy amala aşyrylar.

Deslapky maglumatyň birek-birege berilmegi Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky daşalýan harytlaryň gümrük taýdan resmileşdirme işini çaltlandyrar diýip garaşylýar.

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygy täzelendi

2025-nji ýylda Türkmenistanda 76 milliarddan gowrak tebigy gaz öndürildi

Türkmenistan Eswatini Patyşalygyna SIM-kart we LED çyra eskport eder

«Türkmenhimiýa» döwlet konsernine täze ýolbaşçy bellenildi

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylmy tehnologiýa hyzmatdaşlygyny ösdürer

Türkmenistan nemes işewürler jemgyýetçiligi bilen duşuşyga gatnaşdy