SPORT

Ronaldo: “Barselona” toparyna gidip bilerdim

Saud Arabystanynyň “Al-Nasr” toparynyň portugal hüjümçisi Kristiano Ronaldo Ispaniýanyň “La Sexta” teleýaýlymyna interwýu berdi. 40 ýaşyna gadam basýan portugal futbolçy söhbetdeşlikde özüniň ýaşyl meýdançadaky esasy bäsdeşi hökmünde görkezilýän Lionel Messi we futbol karýerasyndaky geljegi, dünýäniň iň gowy topary we beýlekiler barada sowallara jogap berdi.

Argentinanyň ýyldyz hüjümçisi Lionel Messi baradaky sowala jogap beren Ronaldo: “Biz 15 ýyldna bäri futbol sahnasynda çykyş edýäris. Biziň hemişe gowy gatnaşyklarymyz boldy. Ol hem maňa gowy gatnaşyk alyp bardy. Biz futbol meýdançasynda birek-biregi has-da höweslendirdik” – diýip jogap berdi.

Ronaldo ozal düzüminde çykyş eden “Real Madrid” toparyny dünýäniň iň gowy toparydygyny belledi. Ronaldo bu toparda 2009-2018-nji ýyllarda çyykş edip, 438 duşuşykda oýnap, 450 gol geçiripdi.

Portugal hüjümçi 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatyna gatnaşmagy arzuw edýändigini belledi, ýöne ýene-de 1,5 ýylyň bardygyny belläp, oňa çenli köp zatlary durmuşa geçirmegiň gerekdigini aýtdy.

Ronaldo geljekki karýerasy barada entek hiç hili çözgüt kabul etmändigini belläp, “Şu gün hem hiç hili gynanman, ýaşyl meýdançadan gidip bilerin.Ýöne entek goşant goşmak mümkinçiligim bar.” diýip belledi.

“BARSELONA” GIDIP BILERDIM

Ispan teleýaýlyma beren interwýusynda Ronaldo Ispaniýanyň “Barselona” toparyna gidip biljekdigini belledi. Ol bu barada: “Lissabonyň “Sporting” toparynda oýnan döwrümde, “Barselona” toparyna gidip bilerdim. Olar meniň bilen gyzyklandy. Bu başa barmady, sebäbi ispan topary meniň şertnama baglaşyp, bir ýyl soňra kabul etmegi göz öňünde tutdy. “Mançester Ýunaýted” topary gönüden-göni aldy – diýip, habar berdi.

Portugal ýyldyzy tälimçi bolup işlemegi göz öňünde tutmaýandygyny belläp geçdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2024 sanlarda

Ýewropanyň çempiony “Galatasaraý” toparynda oýnar

Gawi 2030-njy ýyla çenli “Barselonada” galar

Çempionlar Ligasynda pleý-off tapgyry: “Mançester Siti”- “Real Madrid”

Ata Watan Eserleri

Ronaldodan ýene-de bir rekord

Ata Watan Eserleri

Neýmar “Santosa” dolanyp bardy