DÜNÝÄ

Türkmenistan energetika mowzukly halkara seminara gatnaşdy

Türkmenistanyň Pakistandaky Ilçihanasynyň wekilleri Strategiki barlaglar, işläp taýýarlamalar we seljeriş institutynyň (ISSRA) Milli logistika korporasiýasy (NLC) bilen bilelikde gurnamagynda geçirilen «Sebitleýin söwda we arabaglanyşyk: täze gözýetimleri we mümkinçilikleri açmak» atly halkara seminara gatnaşdy.

Çärede Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Pakistandaky ilçileri, şeýle hem pakistanly we daşary ýurtly ykdysady ugra ýöriteleşen hünärmenler çykyş etdiler.

Seminarda çykyş edenler Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ägirt uly geljegini bellediler we bu ugurda bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanmagyň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Ilçisi A.Möwlamow seminarda çykyş edip, ýurduň daşary syýasatynyň iň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde ulag we energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde Türkmenistanyň işjeň orny barada gürrüň berdi.

Ýene-de okaň

Minsk şäherinde “Arkalaşygyň çagalary” atly X Halkara medeni-bilim forumy geçirildi

Türkmenistanyň we Kipriň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistan Hytaýy Awazadaky foruma çagyrdy

Azerbaýjan Siriýa tebigy gaz iberer

Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary täzelendi

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň başlygy wezipesinden boşadyldy