JEMGYÝET

Türkmenistan bilen Saud Arabystany haj zyýaraty boýunça ylalaşyga gol çekdi

2025-nji ýylyň 12-14-nji ýanwary aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäherinde «Haj we umra hyzmatlary» atly dördünji maslahat we sergi geçirilýär. Oňa 80-den gowrak ýurtdan wekiliýetler gatnaşýar.

Türkmen tarapyndan maslahatyň işine Türkmenistanyň Müftüsi Ý.Hojagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar.

Agzalan çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Müftüsiniň müdiriýeti bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Haj we umra ministrliginiň arasynda 2025-nji ýylda berjaý ediljek haj zyýaraty bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn Ylalaşyga gol çekildi.

Maslahat we sergi öz işini dowam edýär.

Related posts

Türkmenistan Hazar sammitini hökman geçirer

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan halky Gurban baýramynda 4 gün dynç alar

Halk Maslahatynyň Başlygy: Owganystanyň halkyna ykdysady we ynsanperwer kömegi bermeli