DÜNÝÄ

Özbegistanyň medeniýet ministrine Gyrgyz Respublikasynyň halk artisti diýen at dakyldy

Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Özbegistanyň medeniýet ministri Ozodbek Nazarbekowy kabul etdi. Bu barada Gyrgyzystanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

– Biziň halklarymyzy köp asyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary birleşdirýär. 1992-nji ýylda diplomatik gatnaşyklaryň ýol goýulmagy bilen döwletara gatnaşyklary ýokary derejä çykdy we medeniýet bu hyzmatdaşlygyň berkidilmegine möhüm orun eýeleýär – diýip, Sadyr Žaparow belledi.

Sadyr Žaparow Özbegistana amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde Özbegistanyň Daşkent we Buhara şäherlerinde Gyrgyzystanyň Medneiýet günleriniň geçirilendigini belläp, 2025-nji ýylda Özbegistanyň Medeniýet günleriniň Gyrgyzystanda geçiriljekdigini aýtdy.

Sadyr Žaparow Ozodbek Nazarbekowy Gyrgyz Respublikasynyň halk artisti diýen ada eýe bolmagy bilen gutlap, onuň iki döwletiň medeni gatnaşyklarynyň berkidilmegindäki goşandyny belläp geçdi.

Özbegistanyň Medeniýet ministri Ozodbek Nazarbekow hem öz gezeginde alyp barýan işlerine hormat goýýandygyna we ýokary baha berýändigine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi we iki ýurduň halklarynyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrjakdygyna ünsi çekdi.

Ozodbek Nazarbekow “Özbegistan gyrgyz halkynyň beýik ýazyjysy we medeni nyşany, şeýle hem Özbegistanda uly hormat goýulýan Çingiz Aýtmatowyň 100 ýyllygyna bagyşlanan çäreleri geçirmekden hoşaldyr” -diýip belledi.

Şeýle hem, häzirki wagtda Özbegistanyň öňdebaryjy teatrlarynyň gyrgyz kärdeşleri bilen bilelikde iki halkyň arasynda döredijilik gatnaşyklarynyň nyşanyna öwrüljek bilelikdäki teatr taslamasyny döretmek boýunça işjeň işleýändigini aýtdy.

Ýene-de okaň

ABŞ 75 döwletiň raýatlary üçin immigrasiýa wizalaryny wagtlaýyn togtadýar

Täze Amerikan wiza çäklendirmesi öňki käbir ýurtlardaky gadagançylygy aradan aýyrýarmy?

Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli hyzmatdaşlygyň tarapdary

Germaniýa bilen Hindistan 27 ylalaşyk baglaşdy

Kanadanyň Premýer-ministri 8 ýyldan soň ilkinji gezek Hytaýa barar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Türkiýäniň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi