DÜNÝÄ

Margaritis Şinas: ÝB Merkezi Aziýa bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarly

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinas Merkezi Aziýa ýurtlaryna amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenistanda gepleşikler geçirdi. Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşan Margaritis Şinas Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde duşuşyklar geçirdi.

Margaritis Şinas Aşgabatdaky duşuşyklarynyň jemleri boýunça “Ýyldyz” myhmanhanasynda metbugat ýygnagyny geçirip, onda Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga ygrarly bolup durýandygyny belledi.

Dünýäde emele gelýän ýagdaýlara nazara alanyňda, Merkezi Aziýa sebitinde durnukly ösüşiň amala aşyrylýandygyny bellän Şinas Merkezi Aziýa bilen bir gezeklik däl, eýsem uzak möhletleýin esasda, dürli ugurlarda, infrastruktura, gazylyp alynýan baýlyklar, suw serişdelerini dolandyrmak we beýleki ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barylýandygyny belledi.

Ol 14-nji ýanwardan bäri Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan we Türkmenistan ýaly döwletlerde saparda bolup, esasan hem 29-30-njy ýanwarda geçiriljek Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasynda durnukly ulag boýunça maýa goýum forumy babatda pikir alyşdy.

Ýewropa Komissiýasynyň wise-prezidenti Margaritis Şinas “Global Gateway” taslamasynyň möhümdigini belläp, bu taslamanyň Günbatar bilen Gündogaryň arasynda köpri boljakdygyny belledi.

Şonuň üçin 29-30-njy ýanwardaky Brýusseldäki maýa goýum forumynyň ähmiýetiniň uludygyny belläp, oňa Merkezi Aziýa döwletleriniň gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirendigini aýtdy.

Ýewropa Bileleşiginiň “Global Gateway” başlangyjy 2022-nji ýylyň noýabrynda yglan edildi. Bu başlangyç söwda, ulag, sanly tehnologiýalar we energetika ýaly ugurlarda dürli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir.

Ýene-de okaň

Türkmen bedewiniň milli baýramy: döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyjy» atly ýubileý medaly dörediler

Türkmenistan Maldiwlere we Bruneý-Darussalama ilçi bellär

Türkmenistanyň Ilçisi Halkara pul gaznasynyň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Palestinanyň ilçisi bilen duşuşdy

Argentina Türkmenistana täze ilçi belledi