SPORT

Saud Arabystany futbol boýunça dünýä çempionatyny kabul eder

Şu gün Halkara Futbol federasiýasynyň nobatdaky kongresi geçirilip, onda 2030-njy hem-de 2034-nji ýylda guraljak futbol boýunça dünýä çempionatlarynyň geçiriljek ýerleri resmi taýdan yglan edildi.

2030-njy ýylda futbol boýunça dünýä çempionaty Morokko, Portugaliýa we Ispaniýada geçiriler. Şeýle hem çempionatyň 3 duşuşygy Günorta Amerikada – Urugwaý, Paragwaý we Argentina döwletlerinde oýnalar.

2034-nji ýylda futbol boýunça dünýä çempionaty Saud Arabystanyda geçiriler. Ýaryş sebitiň howa şertlerine laýyklykda, gyş aýlarynda guralar.

Şeýlelikde, Katardan soňra Saud Arabystany hem dünýäniň iri futbol ýaryşyny gurajak arap döwleti bolar.

Mälim bolşy ýaly, 2030-njy ýylda birinji gezek geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatyna 100 ýyl dolýar. ol hem Urugwaýda gurnalypdy. Şunuň bilen baglylykda, ilkinji gezek dünýä çempionaty 6 döwletde geçiriler.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder

«Barselona» topary Entoni Gordony satyn aldy