DÜNÝÄ

Özbegistan bilen Hytaýyň arasynda wizasyz döwür başlandy

Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow bilen Hytaýyň daşary işler ministri Wan I Hytaýyň Çendu şäherinde duşuşdy. Şol duşuşygyň barşynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Özbegistanyň we Hytaýyň raýatlaryna 30 gün möhlet bilen wizasyz syýahat etmek hakyndaky şertnama gol çekdiler. Bu barada özbek metbugaty habar berýär.

Özbegistanyň Prezidenti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň arasyndaky ylalaşyga laýyklykda, 2024-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Çendu şäherinde daşary işler ministrleri Özbegistanyň Respublikasynyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara wiza talaplaryndan boşatmak hakyndaky şertnama gol çekdiler.

Bu halkara şertnama Özbegistanyň we Hytaýyň raýatlarynyň iki ýurduň çäklerinde wizasyz syýahat etmek meselesini düzgünleşdirýär.

Şertnamanyň şertlerine laýyklykda, raýatlar 30 günüň dowamynda giriş, çykyş hem-de üstaşyr geçmek babatda wiza talaplaryndan boşadylýar.

Bu halkara şertnama döwletleriň içerki zerur bolan tassyknamalaryndan soňra güýje girer.

Ýene-de okaň

Gazagystanyň atçylyk sporty federasiýasy Niderlanddaky ahalteke atlarynyň çempionatyna çagyryldy

Kataryň ozalky emiri Şeýh Hamad bin Halifa Al Tani aradan çykdy

Kasym-Žomart Tokaýew Donald Trampy Gazagystana çagyrdy

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

ABŞ-nyň Montana ştatynyň senatorynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministri Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy