JEMGYÝET

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys

Paýtagtymyz Aşgabat halkara kino baýramçylygynyň geçirilen ýerine öwrüldi. 13-15-nji noýabr aralygynda 4nji “Gorkut ata” atly halkara kinofestiwaly Aşgabat şäherinde geçirildi. Oňa türki döwletleriň wekilleri gatnaşyp, köp sanly kino we dokumental filmler görkezildi.

Bu festiwala gatnaşmak üçin köp sanly aktýorlardyr aktrisalar paýtagtymyza geldi. Şolaryň hatarynda Türkiýäniň hem meşhur aktýorlary bar. Olaryň biri hem Türkiýede iň köp dowam eden “Kurtlar Vadisi” teleserialynyň baş gahrymanlaryndan biri bolan Kenan Çobandyr.

Halkara festiwalyň çärelerini öz mediýa platformalarynda halk jemgyýetçiligine ýetiren “Ata Watan Media” topary Kenan Çoban bilen söhbetdeş boldular.

Türkiýeli aktorý Kenan Çoban “Gorkut ata” atly halkara kinofestiwaly mynaysbetli Türkmenistana gelip, türkmen halky bilen didarlaşmak mümkinçiligine eýe bolandygyny belledi.

Bu halkara festiwaly gurnan guramaçylara özüniň hoşallygyny bildiren türk aktýory türkmen myhmansöýerligi üçin minnetdarlygyny bildirdi.

Şeýle hem festiwala gatnaşan türk aktýorlary özlerini ata Watanynda hasaplaýandyklaryny belläp geçdiler. Türkmen myhmansöýerligi üçin minnetdarlyk bildirip, Alp Arslan, Seljuk we beýleki meşhur türki döwletleriň hanlarynyň, serkerdeleriniň ýaşan topraklaryna gelmegiň özleri üçin uly mertebe bolup durýandygyny bellediler.

Türkmenistan bilen Türkiýäniň biri-birinden aýrylmaýan doganlyk ýurtlary bolup durýandygyny belläp geçen türk sungat işgärleri iki doganlyk halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklary ähli ugurlarda has-da pugtalandyrmagyň zerurdygyny bellediler.

Kinofestiwalda görkezilen “Waweýla” türk filminiň režissýory Umut Metesoýdan hem öz gezeginde ata topraklary bolan Türkmenistanda öz filmine baýrak berilmeginiň uly mertebe bolup durýandygyny belläp, munuň üçin Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkyna hoşallygyny bildirdi.

 

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri: ählumumy “Energetika kodeksini” işläp taýýarlamagy teklip etdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy: Ýakyn Gündogardaky gapma-garşylygyň giňelmegini goldamaýarys

Türkmen halkynyň Milli Lideri Awstriýa Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Rafael Grossi bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlar sebite ýaramaz täsirini ýetirýär

Ata Watan Eserleri

Seulda «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» birinji Sammitine taýýarlyk görülýär