JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Owganystana kömek bermäge çagyrdy

“Garagum” myhmanhanasynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň 15-nji sammitinde çykyş eden hormatly Prezidentimiz gurama gatnaşyjy ýurtlary Owganystana gyssagly ynsanperwer kömegini bermäge çagyrdy.

Milli Liderimiz şeýlelik bilen, Owganystanyň ykdysady hojalyk gatnaşyklaryna gatnaşdyrylmagynyň möhüm bolup durýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Owganystanyň sebit we halkara işlere işjeň gatnaşmagynyň möhümdigini belläp, owgan topragynda parahatçylygyň, ösüşiň hem-de ylalaşymagyň höküm sürmeginiň ähmiýetli bolup durýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bu kyn döwürde Owganystana ynsanperwer kömeginiň berilmeginiň möhümdigini belledi.

 

Türkmenistanyň Prezidenti ulag we energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegi teklip etdi

Related posts

Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen söhbetdeşlik

vepa

Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Kongresiniň wekilleri bilen duşuşdy

Igor Runow: Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag başlangyçlary möhümdir