2024-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenistanyň DIM-inde daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň agzalarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň barşynda häzirki Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we gatnaşyklaryň geljegi uly bolan ugurlary kesgitlenildi. Taraplaryň özara pikirine görä, soňky ýyllarda Türkmenistan bilen TÜRKSOY arasyndaky gatnaşyklar has-da işjeňleşdi.
Duşuşygyň başynda daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň adyndan Türkmenistanda we daşary ýurtlarda türkmen medeniýetiniň giňden tanadylmagy ugrunda alyp barýan işleri üçin TÜRKSOÝ guramasynyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk sözlerini beýan edip, guramanyň medeni hem-de binýatlyk gymmatlyklaryň esasynda türki halklaryň arasyndaky doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşýandygyny belledi.
TÜRKSOÝ tarapyndan bellenilýän şanly seneler, ýagny 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, Gündogar edebiýatynyň beýik nusgawy şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilmegi, şeýle hem gadymy Änew şäheriniň Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli şu ýylda 40-dan gowrak dürli çäräni geçirmek bilen bagly uly işleriň amala aşyrylandygy bellenildi.
Bu babatda mart aýynda geçirilen 2024-nji ýylda Änew şäheriniň Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaralar, şeýle hem şähere berilen hormatly derejä laýyklykda geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasy, oktýabr aýynda geçirilen TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň II teatr festiwaly, I Türki dünýäsiniň şekillendiriş sungaty biennalesi, muzeý ýolbaşçylarynyň her ýylky duşuşygy we TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň ýazyjylarynyň duşuşygy, şeýle hem «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly has möhüm çäreleriň hatarynda görkezildi.
Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler şu ýylyň 16-njy noýabrynda 2024-nji ýylda Änew şäheriniň Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen çäreleri jemlemek dabarasynyň, şeýle hem TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisini we türki döwletleriň sungat ussatlarynyň konsertini geçirmegiň ähmiýetini nygtadylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar 2025-nji ýylda bilelikde geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň guralyşy bilen bagly meselelere aýratyn üns berdiler.
TÜRKSOÝ-yň Baş sekretary Türkmenistanyň Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna türk dilinde çap edilen «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň sowgatlyk neşirleriniň gowşurylmagyny haýyş etdi.
2024-nji ýylda Änew şäheriniň Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli TÜRKSOÝ surat çekmek we düzme ýazmak boýunça bäsleşikleri geçirdi. Şeýle hem duşuşygyň barşynda S.Raýew türkmen tarapyna «Türkmenistan we türki dünýäsi ýaş suratkeşleriň gözi bilen» atly surat eserleriniň bäsleşiginiň ýeňijileriniň işleriniň ýygyndysy we «Magtymguly Pyragy – akyldar we şahyr» düzme ýazmak bäsleşiginiň eserleriniň ýygyndysyny gowşurdy.
Şol bir wagtda türkmen tarapyna TÜRKSOÝ-yň alyp baran işleriniň hasabaty (2023-nji ýylyň oktýabry – 2024-nji ýylyň sentýabry) berildi.
R.Meredow Türkmenistanyň TÜRKSOÝ-na ICESCO-nyň hem-de ÝUNESKO-nyň arasyndaky birleşdiriji köpri hökmünde garaýandygyny belledi. Şeýle-de, Guramanyň TÜRKSOÝ-na agza döwletleriň ÝUNESKO-nyň işleri barada Milli toparlarynyň mejlisi ýaly hyzmatdaşlygyň täze formatlaryny döredýändigi nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-yň arasyndaky türki dilli halklaryň örän baý medeni mirasyny gorap saklamaga, öwrenmäge we dünýäde wagyz etmäge gönükdirilen özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini nygtadylar.