MEDENIÝET

Iňlis ýazyjy Buker baýragyna mynasyp boldy

Beýik Britaniýanyň ýazyjysy Samanta Harwi edebiýat boýunça buker baýragyny gazandy. Ol bu baýraga “Orbitada” atly romany bilen mynasyp boldy. Bu barada baýragyň eminleriniň başlygy Edmund de Waal habar berdi.

Iňlis ýazyjysynyň romany 136 sahypadan ybarat we emin agzalarynyň onuň mowzugynyň ajaýyplygy gyzyklandyrdy.

Eserde Halkara kosmos bekedindäki bir gije-gündizdäki wakalar beýan edilýär. Romanyň baş gahrymanlary 6 sany kosmonawt bolup, eseriň awtory olaryň gözi bilen Ýer şary we onuň meselelerini görmegi teklip edipdir. Eseriň gahrymanlary Günüň dogup, batýan pursatlaryny, buzluklary, dag gerişlerini, ummanlaryň tolkunlaryny syn etdiler.

Samanta Harwiniň bu romany onuň 5-nji eseridir. Ýazyjy karantin döwründen bäri bu kitabynyň üstünde işläp gelýär.

Related posts

Jemi 100 000 gezek tomaşa: “Ata Watan Ýyldyzlary” Show

Ata Watan Eserleri

«Türkmenfilm» birleşiginden Täze ýylda täze filmler

Türkiýede Magtymguly Pyraga bagyşlanan dokumental film surata düşürilýär