DÜNÝÄ

Täjigistan 2037-nji ýyla çenli dolulygyna “ýaşyl” ýurt bolar

Täjigistan 2032-nji ýyla çenli “ýaşyl ykdysadyýet” boýunça ösüş strategiýasynyň esasynda energiýa önümçiligini dolulygyna gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerine geçmäge, 2037-nji ýylda bolsa, “ýaşyl” ýurda öwrülmegi meýilleşdirýär. Bu barada Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň konferensiýasynyň 29-njy mejlisinde (COP29) eden çykyşynda belläp geçdi.

– Häzirki wagtda elektrik energiýasynyň 98 göterimi gidroeenergetikanyň hasabyna öndürilýär. Karbon gazlarynyň zyňyndylary boýunça Täjigistan dünýäde 130-njy orunda durýar – diýip, belledi.

Täjik Lideri soňky 5 ýylda tutuş dünýäde howalaryň has yssy bolandygyny belläp, howanyň üýtgemegine garşy göreşi güýçlendirmäge çagyrdy.

Ol buzluklaryň eremek meselesine ünsi çekip, Täjigistanyň buzluklary goramaga gönükdirilen başlangyçlaryny belläp geçdi.

Emomali Rahmon 2025-nji ýylyň maýynda Duşenbe şäherinde buzluklary goramak boýunça halkara maslahatyň geçiriljekdigini belledi.

Täjik Lideri çykyşynyň ahyrynda Bütindünýä Meteorologiýa guramasynyň howandarlygynda Duşenbe şäherinde glýasiologiýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjy merkezi döretmegi teklip etdi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri

Özbegistan Türkmenistanyň üsti bilen Eýrana ynsanperwer kömegine iberdi