DÜNÝÄ

Si Szinpin we Jo Baýden “G20” sammitine gatnaşar

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin we ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden 17-21-nji noýabrda Braziliýada geçiriljek “G20” sammitine gatnaşar. Bu barada Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili hem-de Ak Tamyň metbugat sekretary Karin Žan-Pýer habar berdi.

Si Szinpin Braziliýanyň Prezidenti Lula da Silwanyň çakylygy boýunça bu ýurtda saparda bolar we saparyň çäklerinde “G20” sammitine gatnaşar.

Ak Tamyň metbugat sekretary Karin Žan-Pýer Jo Baýdeniň Braziliýadaky “G20” sammitine hem-de Peruda geçiriljek Aziýa-Ýuwaş ummany ykdysady hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşjakdygyny habar berdi.

Related posts

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyjy» atly ýubileý medaly dörediler

Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri