Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň nobatdan daşary konferensiýasy geçirildi. Onda seredilen esasy mesele federasiýanyň täze ýolbaşçysyny saýlamak boldy.
Konferensiýa gatnaşyjylaryň ählisiniň biragyzdan ses bermeginde Öwekow Guwançmuhammet Saparmuhammedowiç, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy wezipesine saýlanyldy.
Guwançmuhammet Öwekow türkmen futbolynyň ady rowaýata öwrülen ýyldyzlarynyň biridir. 43 ýaşly ozalky futbolçy professional karýerasyna heniz 20 hem ýaşamanka, Aşgabadyň «Nisa» toparynda gadam goýdy. Birnäçe ýyllap, dostlukly döwletiň «Arsenal», «Borisfen», «Worskla» toparlarynyň köýnekçesini geýdi. 2005-nji we 2006-njy ýyllarda Özbegistanyň «Nawbahor» toparynda çykyş edensoň, ýene-de Ukraina dolanyp, «Zarýa» we «Harkow» toparlarynda futbol oýnady. Şondan soň futbolçy Gazagystanyň «Žetisu», Özbegistanyň «Nawbahor» (ikinji gezek) we «Horezm» toparlarynyň köýnekçelerini geýdi. 2011-nji we 2012-nji ýyllarda «Balkan» (häzirki «Nebitçi») toparynyň üstünlikleri üçin göreşdi. Guwançmuhammet Öwekow Türkmenistanyň milli ýygyndysynda hem birnäçe ýyllap çykyş etdi.
Guwançmuhammet Öwekow 2014-nji ýylda oýunçy hem tälimçi hökmünde «Ahala» geldi. Şondan soň ol bu toparyň baş tälimçisi we ýolbaşçysy wezipelerinde işledi. Ýurdumyzyň bassyr iki gezek çempiony «ARKADAG» toparyny düzmekde we toparyň şowly çykyş etmeginde goşandy uludyr.