Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde Türki Döwletleriň Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň 11-nji sammiti geçirildi.
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň başlyklyk eden sammitine Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, şeýle hem guaram synçy bolan Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban gatnaşdy. Guramanyň synçy agzasy Türkmenistana Gyrgyz Respublikasyndaky ilçi Nury Gölliýew wekilçilik etdi.
Şol sammitde guramanyň täze baýdagy kabul edildi. Ol mawy reňkde sekizburçlyk şekilde ýarym aý we göni Gün şöhleleri bilen şekillendirilipdir.
Şeýle hem sammitde birnäçe möhüm resminamalara şol sanda sanly ykdysady boýunça hyzmatdaşlyk hakyndaky şertnama gol çekildi.
Mundan başga-da, sammitiň çäklerinde Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban türki dünýäsiniň ýokary ordeni bilen sylaglandy.
– Men eýýäm 24 ýyldan bäri Wengriýa bilen türki dünýäsiniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek ugrunda işleýärin. Men türki dünýäsiniň ösüşine buýsanýaryn. Meniň biziň ajaýyp geljege tarap barýandygymyza ynanýaryn – diýip, Orban belledi.