DÜNÝÄ

Kýurasao milli ýygyndysy Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Kýurasao milli ýygyndysy Dünýä çempionaty — 2026-da gazanan üýtgeşik rekordy netijesinde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada ýerli futbol federasiýasy habar berýär.

Şeýlelikde, Kýurasao milli ýygyndysy dünýä çempionatlarynyň taryhynda iň az ilatly ýurt hökmünde gatnaşyp, üýtgeşik bir üstünlige eýe boldy. Bu ada döwletiniň umumy ilat sany 156 115 adamdan ybaratdyr.

Bu görkeziji futbol boýunça dünýä çempionatlarynyň bütin taryhynda gatnaşan ýurtlaryň arasynda iň az ilat sany boýunça rekorddyr.

Dünýä çempionaty — 2026-nyň ilkinji duşuşygynda Kýurasao milli ýygyndysy Germaniýadan utulypdy. Oýun 7:1 hasabynda nemes toparynyň peýdasyna tamamlandy.

Related posts

Türkmenistan 9 aýda 187 halkara resminamalar baglaşdy

Halkara Ýer gününe bagyşlanan ilkinji ekofestiwal Türkmenabatda geçirildi

Ata Watan Eserleri

28 ýyl mundan ozal Ýewropa Bileleşigi döredildi