SPORT

Meksika ilkinji bolup, 1/16 tapgyryna çykdy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň “A” toparçasynyň 2-nji tapgyrynyň çäginde Meksika we Günorta Koreýa milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşyk tamamlanyp, duşuşyk Meksikanyň Sapopan şäherindäki “Akron” stadionynda oýnadylar.

Duşuşyga Gustawo Tehera (Urugwaý) baştutanlygyndaky eminler topary eminlik etdi. Oýunda Meksikanyň milli ýygyndysy 1:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Günorta Koreýanyň ýygyndysynyň derwezeçisiniň ýol beren gaty gödek ýalňyşlygyndan soň, 50-nji minutda meksikalylaryň goragçysy Luis Romo duşuşykdaky ýeke-täk goly derwezä girizdi.

Mundan öň, 1-nji tapgyrda Meksika Günorta Afrika Respublikasyny (GAR) 2:0 hasabynda ýeňipdi, Günorta Koreýa bolsa Çehiýanyň ýygyndysyndan 2:1 hasabynda üstün çykypdy.

Geçirilen iki oýundan soň, meksikalylar “A” toparynda birinji orny eýelemegi özlerine kepillendirdiler.

Toparçalaýyn tapgyr 11-nji iýundan 27-nji iýuna çenli dowam eder. Ýygyndylar üç duşuşykdan oýnaýarlar. Pley-off tapgyryna bolsa her toparçadan iň gowy iki ýygyndy, şeýle hem üçünji orny eýelän iň gowy sekiz ýygyndy çykar.

Ýene-de okaň

Ýurgen Klopp Germaniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi boldy

Karim Adeýemi Ispaniýanyň “Barselona” futbol klubyna geçdi

Ýamal bilen Holand iň gymmat futbolçylar boldy

Kazemiro “Inter Maýami” toparynyň futbolçysy boldy

Türkmenistanyň sport federasiýalary resmi internet saýtlaryny işe girizdiler

Dünýä çempionatynyň finalyny rekord derejede 63 million adam tomaşa etdi